“Daýan” Hususy kärhanasy 1996-njy ýylda döredildi. 14 ýylyň dowamynda kärhananyň esasy iş görnüşi dekoratiw keramiki önümleri öndürmek bolup durýardy. 2010-njy ýylda Hormatly Prezidentimiziň gollamagy bilen kärhanamyzyň iş görnüşi ygtyýarnama esasynda daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygy we şekillendiriş sungaty boýunça gysga möhletli okuwa öwürildi. Şu güne çenli şol ugurda öz tejribesini artdyryp kämilleşip gelýär.